Мой сайт

Главная | Регистрация | Вход
Ýekşenbe, 12.05.2024, 23:07
Приветствую Вас Myhman | RSS
Меню сайта
Категории раздела
Kuran Türkmençe [0]
Kuran Türkçe [0]
Hadys [0]
Ýagşyzadalar [2]
Söýgi [0]
Yslam [2]
Degişme [0]
Täzelikler [0]
Giňdir dünýä, geňdir dünýä [0]
Täsinlikler [0]
Sport [0]
Saglyk [0]
Söhbetdeşlikler [0]
Okuw [0]
Magtymguly Pyragy - Ýer ýüzüniň çyragy [0]
Sözlük [0]
Bediuzzaman Said Nursy [0]
Türkçe kitaplar [1]
MUHAMMET (S.A.W) [0]
Başgalar [0]
Hakykat.wordpress.com [1]
Статистика

Saýtdakylaň jemi: 3
Myhman: 3
Ulanyjy: 0
Форма входа
Главная » 2010 » Dekabr » 27 » Hz.Osman (radyýAllahu anh) barada
16:48
Hz.Osman (radyýAllahu anh) barada

G I R I Ş

Sahabalar barada ýazylan eserleriň sany juda köpdür. Alymlar Allah Tagalanyň saýlan päk sahaba neslini taryplap, ymmaty-musulmanlaryň şolara meňzemegini isläpdirler. Sebäbi, olar Resulullahyň (saw) aýdyşy ýaly: »Meniň sahabalarym asmandaky ýyldyzlar yalydyr. Siz olaryň haýsysyndan mysal alsaňyz hem, sagadata (bagta) gowuşarsyňyz. » Olaryň her biri biziň üçin Yslamy dogry ýaşamagyň bir nusgasydyr. Yslam Alymy Seýýid Kutubyň aýdyşy ýaly: »Allah Tagalanyň saýlan we kyýamata çenli bütin musulmanlara görelde boljak nesildir. » Ýene-de şol alymyň aýdyşyna görä: »Eger-de ýer ýüzünde haçan-da bolsa bir döwür şol häsiyetde Yslam jemagaty dörese, Yslam dini ýene-de ýeriň ýüzünde beýgeler».

Biziň hem şu kiçijik kitapçamyzda baş maksadymyz sahabalaryň şahsyýetini adamlara (şu döwürki musulmanlara) doly we dogry tanatmak. Sebäbi, adamlaryň Yslama bolan aňlaýyşy we ýaşaýyşy diýseň gowşady. Yslam dininiň täzeden ýaýrap güllemegi üçin, ony – Yslamy iň päk şekilde ýaşan sahaba neslinden öwrenmeli. Sebäbi, olar göni Resulullah(saw)dan mysal we görelde alyp, şonuň terbiýesinde yetişen musulmanlardy.

Hezreti Osman(r. a) barada ýazmak diýseň kyn mesele. Sebäbi, ol barada birnäçe kitaplar ýazylan we alymlar yhtylaf edenler. Şonuň döwründe Yslam ummatynyň içinde toparlara bölünmeklik we dawa-jeňjel döräp, musulmanlaryň arasynda çuňňur düşünişmezlikler başlady. Akydada, syýasatda-da, amalda-da, düşünjede-de bulaşyklyklar başlady. Şol döwürde birnäçe dowletler feth (ýeňiş) edilyär we milletler bütinleýin Yslam dinine girýärler. Şol sebäpli, Yslam birnäçe düşünje, din, ýörelge we pelsepeler bilen göreşmeli bolýar. Köp ýerde şony berjaý etmek başartmaýar. Şol wagt Resulullah(saw)yň päk we üstün terbiýesini alan sahabalaryň sany hem gitdigiçe azalýardy. Bir adama bütin bu ägirt üýtgeşikleri duruzmak mümkin däldi. Bir tarapdan yzy gutarmaýan söweşler, munafyk we din duşmanlarynyň alyp barýan gizlin oýunlary. Başga tarapdan nadan we Yslama doly düşünmeyän musulmanlaryň problemalary. Ýene bir tarapdan syýasy düşünişmezlikler, şöhrat we wezipe, hyrsy bähbidine çapýanlar, nebsine uýýanlar we ş.m. Ýöne bu mübärek adam elinde baryny edip, imanyny şol kyn şertlerde hem subutlamany başardy. Ahyr soňy AllahTagala ony şehitler derejesine gowuşdyryp beýgeltdi. Biziň bu golýazmamyzda (käbir şertler sebäpli) wakalaryň bolup geçen yerlerine degişli köp ýalňyşlyk bolup biler. Ýöne biziň maksadymyz hem, Yslam taryh kitaplaryny göçürmek däldi. Maksat – bu beýik şahsyýetiň içki dünýäsini, şahsy ahlak üstünligini orta goýmakdy. Başgaça aýdanymyzda, ony musulmanlara ahlaky tarapyndan tanatmakdy. Sebäbi ol görelde alynmaly gözel nusgawy mu’minleriň biridi. Mü’minleriň emiri, jennet bilen buşlanan, päk we yhlasly sahabady. Mu’minleriň iň haýalysydy, edeplisidi we takwasydy. Şu döwürde musulmanlaryň içinde ýaşaýan şertleri, Hz. Osman (ra) döwründäki bilen diýseň meňzeşdi. Başga tarapdan garamyzda, musulmanlaryň şu döwürdäki iň uly ýetmezçilikleri ahlak, edep we haýa bolup dur. Şol sebäpden Hz. Osmany (ra) tanamak we ybratlanmak diýseň mohüm. Allahyň hakyky guly özüni nähili alyp barypdyr, fitneleriň üstünden haýsy ýol bilen geçipdir, Yslama nähili hyzmat edipdir?Golýazmada mezhepler arasy Osman(ra) baradaky yhtylaf we dawalary hem gozgap geçdik. Sebäbi takwa we hikmet eýesi alymlaryň aýdyşy ýaly, şol döwürde biz ýokdyk we meseläniň iç ýüzüni doly we dogry bilmekden ejiz. Şonuň üçin netije çykarmak hem dogry bolmaz. Onsoň hem, olaryň kopüsi ýa-ha sahaba ýa-da tabiinler. Olara dil ýetirmek günä bolar we aýyplaryny dörjelemek hem biziň hakymyz däl. Resulullah (saw) »Sahabalara ezýet etmäň…» diýen manyda hadyslaryny ýatlalyň. Bu hem gul hakyna girýär, hem uly günä bolýar. Onsaňam şu mesele üstünde dälmi, Ymmaty Muhammed (saw) bölek-bölek bolup, asyrlar boýy gan döküşipdir. Täzeden bu meseläni dörjelemek, taryhda günäkär gözlemek, sahabalaryň käbirini öwüp, käbirini ýamanlamak Şeýtana uýmaklyk bolmazmy? Şeýtana uýmaklyk ýene-de fitne we duşmançylygyň döremegine sebäp bolmazmy?

Bütin hatalardan we nebsi isleglerden, şeýtanyň dürtmelerinden we hikmetsizliklerden Ýaradan Beýik Allaha sygynyp, yhlas bilen sogabyny diňe Ýaradandan garaşyp, şu golýazmany haddymyz bolmasa hem, galama aldyk. Umyt edýäris ki, Allaha ýol gözleýän musulmanlara, ara uzyn hem bolsa, gollanma we peýdasy bolar. Depderçe bir musulmanyň hem bolsa, dine dürs we has çuňňur düşünmegine sebäp bolsa, men maksadyma ýetdim diýip begenerin. Galan meselelerde hem (galyberse-de) mü’minlerden doga-dileglerine garaşýaryn. Allahyň güýç-kuwwat bermegini dileg edýärin. Gaýrat bizden, towfyk-hydaýet we netije bolsa, diňe Allahdandyr.

Eziz Allahdan dilegim, bize hem Hz.Osmanyň ahlak we haýasyndan bermekligini, şolar ýaly yhlasly bende bolmaklygy nesip etmekligini, ömrümizi şolar ýaly Allah ýoluna bagyş edip ýaşamaklygy, netijede iň belent mertebä gowuşmaklygymyzy dilegleri kabul eduwjy, diňe älemleriň Perwerdigäri Allahu Subhanehu weTagaladan dileýäris.

28. 03. 08.






HZ. OSMANYŇ MUSULMAN BOLUŞY

Hz.Osman bin Affan (ra) Mekgäniň abraýly we gurply adamlaryndan biridi. Ol Ebu Sufýanyň ýegeni bolup, Kureýşiň uly we abraýly taýpalarynyň birindendi. Onuň şäherde şol sebäpli uly abraýy we jemgyýet içinde ähmiýetli orny bardy. Sebäbi, şol döwürde adama baha berlende, ilki bilen baýlygyna we aslyna üns berilerdi. Ýöne Osmanyň (ra) il içinde bilinýän we gowy görülýän başga-da häsiýetleri bardy. Ol edepli we haýaly, dogruçyl we ýumşak häsiýetli adamdy. Bu häsiýetler bolsa, adamlaryň arasyndada gowy görülýän häsiýetlerdi.

Hz.Osman (ra) ilkinji musulman bolan sahabalaryň arasyndady. Rowaýatlara görä, ol Ebu Bekiriň (ra) dagwaty bilen dine giren päk sahabalaryň biridi. Ýene bir rowaýatda, ol täsin düýş görüp, Ebu Bekire (ra) aýdyp berendigi we ol hem oňa dagwat edenligi, soň bolsa, Pygamberimiziň (saw) ýanyna getirenligi, şondan soň iman edenligi rowaýat edilýär. Bu ýerde üns çekmek isleýän zadym, şol döwürde Yslama girýänleriň köpüsi garyp we gullardy. Sebäbi, baý we gurply adamlar ahlaksyzlyga we bozuklyga has meýillidiler. Emma garyp adamlar nähili bolsa-da, adamçylygyny we päkligini saklaýardylar. Baý we gurply adamlaryň arasynda päk adamlar az bolýar. Ýöne Ebu Bekir (ra) we Osman (ra) ýaly adamlaryň Yslama girişi, olaryň päkligini saklap bilen ahlakly we akylly adamlardygyny görkezýär. Onsoň hem Osmanyň (ra) ýaşy hem kiçi däldi, 30 ýaş töweregidi. Durmuşa düşünýän we tejribesi bolan agras, paýhasly adamdy. Yslamyň şol ilki ýyllarynda musulman bolmaklyk diýseň kyn iş bolup, onuň üçin iman we mertlik gerekdi. Ilki ýyllarda musulmanlar öz musulmanlyklaryny we ýygnanýan ýerlerini gizlin saklamaly bolýardylar. Sebäbi musulman bolmak diýmek, şol döwürde bütin ata-babalarynyň däp-dessurlaryny terk edip, düýbinden başga ýaşaýyşa başlamak diýmekdi. Bu bolsa hemme dogan-garyndaşlaryň, goňşy-tiredeşleriň duşmançylyna sebäp bolýardy. Olar musulman bolan adam (has hem öz tiredeş we garyndaşy bolsa) bilen gatnaşygy we gepleşmegi kesýärdiler. Hatda olara sögýärdiler, töhmet atýardydylar, gybat edýärdiler, ýüz öwürýärdiler, olaryň üstünden gülüp, derejesini peseldýärdiler, olar bilen söwda-gazanç işlerini etmeýärdiler. Bergi we amanatlaryny gaytarmaýardylar. Gysgaça aýdanymyzda, diýseň güýçli psihiki gyssag döredýärdiler. Gowşak we imany pes adamlar muňa çydap bilmeýärdiler. Belki birnäçe adamyň Yslam dinine girmegine şol päsgel bolup durýan bolmaklygy mümkin. Emma musulmanlar we Hz.Osman (ra) hem şol zatlary görüp, düşünip, göz ýetirip ýene-de öz ygtyýarlary bilen din Yslama girdiler. Näme üçin? Sebäbi, olaryň imany düýpli we diýseň güýçlidi. Osman (ra) din Yslama girip, bütin janyny-tenini, baýlyk-mülkini, ömrüniň baryny Allaha (jj) bagyş edýär. Ol şol din bilen ýaşap başlaýar, başga, nadanlykdan galan häsiýet we düşünjelerden, bozgak ynanç we garaýyşlardan ýüz öwürýär. Onuň dine gatnaşygy şu günki musulmanlaryňky ýaly sowuk-sala, degdim-gaçdym däldi. Ýa-da diniň kadalaryny nebsine laýyk we bähbitli taraplaryny alyp, kyn we dünýewi bähbidine gabat gelmeýänleri terk edýänlerden däldi. Ýagny şol döwürde din Yslama girmek, ozüni bilip-bilip odyň içine taşlamak ýa-da öz islegiň bilen kynçylyk ezýetlere sezewar etmek bilen des-deňdi. Ýöne Hak aşygy Osman (ra) üçin bu zatlar hiç wagt päsgel bolup bilmezdi. Ol hakyky manyda iman getirip, bähbitsiz dünýewi maksatlary göz öňüne tutmazdan, diňe Allahyň razylygy üçin iman getiren mu’mindi. Şol döwüri göz öňüne getirip göreliň. Bütin dünýäde şirk, zulum küfür-haramlyk, azgynçylyk döwrüdi. Hiç kim hakykata gulak asmaýardy. Gaýta dili bilen, eli bilen, düşünjesi bilen, sütem ezýeti bilen garşylyk görkezýärdiler. Töhmet atyp, üstüňden gülüp kemsidýärdiler. Musulmanlaryň sany bolsa gaty azdy. Mekke şäherinde bir bölejik adamdy. Olaryň hem köpüsi garyp, güýçsiz, gul-gyrnak we ýaşlardy. Käbirleri bolsa öz musulmanlyklaryny ýaşyryp ýaşaýardylar. Hatda öz ybadatlaryny gizlenip-bukulyp, gorkup-howatyrlanyp berjaý edýärdiler. Daşyndan seredilende, bular haýsy hem bolsa bir gün üstün geljegi, dini bütin dünýä ýaýradyp, häkim boljakdygy erteki ýaly görünýärdi. Ýöne Osman (ra) ýaly şahsyýetler beýle garamaýardy. Olar muňa dünýewi gymmatlyklar ölçegi bilen garaman, iman gözi we düşünjesi bilen hemme zady ölçeýärdiler. Olaryň dünýewi maksady ýokdy, diňe Beýik Allahyň razylygyny gazanmak isleýärdiler. Olar üçin dünýäde üstünlik gazanmak möhüm däldi. Iň esasy zat musulmanlaryň arasynda bolmak, Yslam ýolunda bolmak, yhlas we yhsan bilen Allaha gulluk etmek, ahyrete azyk toplamakdy. Dünýe we üstünligi bolsa, Allah (jj) islese berer, islese biraz gijä goýar, ol Onuň çäksiz ylym we hikmetine baglydyr. Dünýedäki azlyk we ejizlikleri, netijä tiz ýetip bilmezlikleri, zulum we şeýtan güýçleriniň köplügi birjik-de (bir zerrede) Osman (ra) we şonuň ýaly sahabalaryň imanyna täsir edip bilenokdy. Olaryň umyt we töwekgelliklerini ýykyp we yhlaslaryna zeper ýetirip bilenokdy. Olaryň berk imany bardy. Elbetde Kuran we Sünnetde (hadyslarda), din Yslama ilkinji hatarlarda Yslamyň ejiz we güýçsiz wagty giren, bütin kynçylyk we sütemlere mertlik bilen döz gelen adamlar (musulmanlar) bilen, Yslamyň güýçlenen we ýaýran wagty din Yslama giren adamlaryň derejesi deň gelmez. Osman (ra) ýaly abraýly, päk ahlakly we gurply, jemgyýetde orny bolan adamyň ilkinji hatarlarda Tewhyd dinine girmeginiň elbetde Yslama uly peýdaly täsiri boldy. Müşrikler: »Eý Muhammed (saw), saňa diňe ýeňi-ýoluklar, garyplar we gul-gyrnaklar iman getirýärler» diýýärdiler. Ebu Bekir we Osman (ra) ýaly adamlaryň Yslama girmegi olaryň bu töhmetlerini ýalana çykardy. Müşrikler musulmanlary düşünje taýdan hem pes görüp: »Size diňe akyly az bolan, ýaşy hem kiçi bolan ýaşlar iman getirýärler, akylly-başly adamlar siziň diniňize girmez» diýýärdiler. Emma Osmanyň (ra) maşgalasy (aýaly) bilen iman etmegi müşrikleriň bu töhmetlerini hem puja çykardy. Üstesine Osmanyň (ra) gözel ahlagy we päkligi, jemgyýetiň iň gowy adamlarynyň Yslama girýändigini görkezdi. Şonuň üçin müşrikleriň oňa diýseň gahary gelýärdi. Olarda Osmana (ra) garşy güýçli ýigrenç döredi. Elbetde Osmanyň (ra) Yslama girmegi musulman jemagadyň hem göwnüni göterdi we güýçlendirdi. Pygamber (saw) bir hadysynda aýdyşy ýaly »Jahylyýet döwründäki siziň ulularyňyz, Yslama girenden soňra hem ulularyňyz bolar». Elbetde Yslama girmezden öň hem ylymly-bilimli, ahlagy-abraýy uly bolan adam Yslama girensoň hem şol häsiýetleri bilen dine uly ýardam berjekdir. Ýadyňyzdamy, Resulullahyň (saw) şu hadyslary »Güýçli musulman güýçsiz musulmandan haýyrlydyr» ýa-da »Beren el alan elden üstündir» we ş.m. Jennet bilen buşlanan on sahabanyň biri bolan Osmanyň (ra) din Yslama we Pygamberiň (saw) hut özüne maddy we ruhy goldawyny biz indiki sahypalarda inşallah ýatlarys. Ol öz şahsiýeti we üýtgeşik ahlagy bilen Yslam jemagadyny has hem bezedi we beýgeltdi. Rowaýatlara görä, Osman (ra) Yslama giren ilkinji 7 adamdan biri, käbir rowaýata görä, ilkinji 60 adamyň arasynda. Ýöne bu möhüm däl, onuň ilkinjileriň arasynda dine girişi we ömrüniň soňuna çenli jany-teni bilen, bütin barlygy bilen Yslama wepaly boluşy möhüm. Ol Yslama ýaşlyk hyjuwy bilen girip, soňra kynçylyklara (din ýolunda) duş gelip, sabyr edip we yhlas eden sahabalaryň biridi. Ol başda hyjuw bilen girip haçan-da kynçylyklara duş gelip başlanda, sabyr edip bilmän, ejizläp, dünýä bezegleriniň öňünde durup bilmän, dinden sowaşýanlardan däldi. Olar netijede diňe bäş wagt namazyny huşuwsyz we manysyz berjaý edýän adama öwrülip gidýärler. Köpüsi bolsa, ony hem taşlaýarlar. Ýöne Yslam şeýle din bolup, ol özüni doly Yslama bermedik, sowuk-sala, yhlassyz gatnaşýan adamy köp wagt öz içinde saklamaýar. Ahyry bir gün onuň niýeti (hakyky ýüzi) belli bolýar, ýüze çykýar. Emma Osman (ra) ýaly başdan (dine girişinden) başlap, ahyrky demine çenli yhlasyny, ahlagyny saklamany başaran adamlaryň sany diýseň azdyr. Resulullah (saw) bir hadysynda şeýle ýatlaýar: »Siziň iň haýyrlyňyz, ömri uzak bolup, salyh amal edeniňizdir.» Belki şonuň üçin (şol sanap geçen häsiýetleri üçin) Osman (ra) Allaha ýakyn bendeleriň biri bolandyr.
Категория: Ýagşyzadalar | Просмотров: 1833 | Добавил: Nur | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
2 Nur  
0

1 Nur  
0
Kitaby almak üçin:
Şu ýerden

Hakykat.wordpress


Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]
Gözleg
Календарь
«  Dekabr 2010  »
ÇşAnŞbÝş
  12345
6789101112
13141516171819
20212223242526
2728293031
Архив записей
Друзья сайта
  • Официальный блог
  • Сообщество uCoz
  • FAQ по системе
  • Инструкции для uCoz

  • Copyright MyCorp © 2024 |