Мой сайт

Главная | Регистрация | Вход
Duşenbe, 13.05.2024, 07:06
Приветствую Вас Myhman | RSS
Меню сайта
Категории раздела
Kuran Türkmençe [0]
Kuran Türkçe [0]
Hadys [0]
Ýagşyzadalar [2]
Söýgi [0]
Yslam [2]
Degişme [0]
Täzelikler [0]
Giňdir dünýä, geňdir dünýä [0]
Täsinlikler [0]
Sport [0]
Saglyk [0]
Söhbetdeşlikler [0]
Okuw [0]
Magtymguly Pyragy - Ýer ýüzüniň çyragy [0]
Sözlük [0]
Bediuzzaman Said Nursy [0]
Türkçe kitaplar [1]
MUHAMMET (S.A.W) [0]
Başgalar [0]
Hakykat.wordpress.com [1]
Статистика

Saýtdakylaň jemi: 1
Myhman: 1
Ulanyjy: 0
Форма входа
Главная » 2010 » Dekabr » 27 » HAŞYR ÝA-DA ÖLÜMDEN SOŇKY ÖMÜR
16:27
HAŞYR ÝA-DA ÖLÜMDEN SOŇKY ÖMÜR
HAŞYR ÝA-DA ÖLÜMDEN SOŇKY ÖMÜR

Sözbaşy
Yslamýetiň möhüm sütünlerinden biri bolan «AHYRETE IMAN» meselesi, indi birnäçe asyr bäri bütün dünýäni özüne tabyn edesi gelýän materialistik nukdaý nazary tarapyndan yzygiderli ret edilensoň, ähli adamlarda bolşy ýaly musulmanlaryň kalbynda-da azda-kände iglemäge başlapdyr. Bu ýagdaý her kimi içinden birahat edişi ýaly, ynsanlaryň arasyndaky sylag-hormata we ynanyşyp ýaşamagyň köküne hem palta urýar, hem durmuşy kynlaşdyrýar. Kuranyň üçden biriniň ahyretden söz açýandygyna garamazdan, musulmanlaryň hem ençemesiniň bu bagt çeşmesinden mahrum bolmaklary oýa batyrýar.
Gadymdan bäri iman umumy bolansoň, sagdyn jemgyýet gurluşynda inkär hadysasy özüni ýigrendiren kesel ýaly kabul edilerdi. Çünki zaýalanmadyk halk köpçüliginiň aglaba bölegi, küfür bilen garyşyk ol döwürdäki pelsepe bilen zehinini bulandyrmandygy üçin şerigatyň esaslaryna ýüregi bilen berlendi. Bu sebäpden ol günüň inkärçileriniň sany pelsepe bilen meşgul bolýanlaryň arasynda sanaýmaly adamdy. Hatda bir yslam filosofy hökmünde-de tanalan Ibni Sina ýaly ýiti zehinler bu pelsepäniň täsirine düşüp «Akyl bu ýolda (ahyrete iman meselesinde) hiç zady çözüp bilmez» diýip, çürt-kesik aýdypdy.
Häzrki günümizde bolsa her dürli inkär etmek we dinsizlik düşünjeleri omuz-omza berip il ýüzüne çykdylar, iman esaslaryna şübhe döretdiler. Munuň üstesine «ewolýusiýa» ýaly bir topar materialistik nazarýetler biziň ülkämiz bilen birlikde bütin dünýäde senelerdir mekdeplerde ýaş nesilleriň aňyna guýlup ýör. Bu sebäpden örän çynlakaý garalmaly bir nokada ýetendigimiz orta çykdy. Çäre hökmünde-de bu hakykatyň Kuran we paýhasdan gaýdýan usul bilen subut edilmegi, ýagny ahyret hakykatyny aklyna sygdyryp bilmeýän ynsanlara täze gözýetimiň açylmagy zerurdyr.
Hakykatdan hem «Haşry Agzam Ismi Agzamyň tejellisi bilen bolup geçjekdigi üçin Hak Tagalanyň Ismi Agzamynyň we her isminiň agzam mertebesindäki tejellisi arkaly bolup geçýän uly özgerişlikleri görüp we görkezilip, Haşry Agzam bahar ýaly aňsat subut ediler we doly düşüniler, oňa anyk iman ediler». Ine, biz söhbet we wagyzlardan ýazga geçirilen elimizdäki bu eserde Hak Tagalanyň Rahym, Hakim, Hafiz... ýaly ismleri derňelip haşyryň täze bir usul bilen subut edilendigine göz ýetirýäris. Aýratyn hem bu ynanjyň jemgyýetiň dürli gatlaklaryndaky ynsanlara edýän täsirleri mysal alnyp, durmuşdaky peýdalary hem aýdyň görkezilipdir. Kalbymyza ötenleriň şatlygynyň öwşgünini getiren bu çekilen zähmetiň düşünje we garaýyşlarymyzda täze şahalary ýaýdyrmagyny arzuw edýärin.
Safwet Semih.


GIRIŞ
Ýolumyzyň ugruna setir-setir goýup, soňra bolsa görmäge çagyran sergileriňi, iň üýtgeşik şekiller halynda gutulan, gaplan, çarçywalan deňsiz-taýsyz, iň haýran ediji sungat eserleriňi we tenha Özüňe belli pynhan syrlaryňdan doly gözellikleriň aýanlygy hökmünde müňbir reňkleriň öwüşgünini berip we ýene Öz senetleriniň jemlenmesi bolan tebigatyň synasynda ýerleşdiren, ol, gözleri gamaşdyryjy, baş aýlandyryjy surat eserleriň iň parlagy, iň dogry ölçegde we biri-biri bilen täsin baglanşykda bolan zatlary we hadysalary görüp-yzlap, Seniň galamyň sesinde we o galam bilen ýazyp orta getiren kitabyň şirin sazlaşygynda Seni görüp, Seni duýup ruhumyz joşanda, gözel atlarynyň yşygynyň astynda açylan yşlardan görülen ähli nyzam we sazlaşyklaryň, gözümiz bilen gören reňkdir suratlarymyzyň, çar tarapdan eşdilýän owazdyr nagmalaryň, bu owazdan dörän mukamlaryň we simfoniýalaryň çeşmesine gözümiz gitdi.
Köňüllerimiz ol ähli zadyň gözbaşy bolan beýik älemleriň syrlary bilen dolup-daşdy.

Категория: Yslam | Просмотров: 1129 | Добавил: Nur | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
1 Nur  
0

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]
Gözleg
Календарь
«  Dekabr 2010  »
ÇşAnŞbÝş
  12345
6789101112
13141516171819
20212223242526
2728293031
Архив записей
Друзья сайта
  • Официальный блог
  • Сообщество uCoz
  • FAQ по системе
  • Инструкции для uCoz

  • Copyright MyCorp © 2024 |